Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdeleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir.
Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Ata-babalarymyzyň öz atyny maşgala agzalarynyň biri hökmünde görendigine bolsa «Ertir turup ataňy gör, ataňdan soňa atyňy|» diýen nakyl hem doly şaýatlyk edýär. Dogrudan-da, ata-babalarymyz özi iýmän atyna iýdiripdirler. Özi geýmän atyny bezäpdirler. Atlaryna höregine derek gözüniň agyny, ýüreginiň ýagyny, suwa derek süýt içirip, gymmat bahaly şaý-sepler, atlas-lybaslar bilen beslän, ýele ýelken, Güne galkan bolup, olary dünýädäki ahli baýlykdan ileri tutup, goraglap gezen türkmen halkynyň gözünde bedew atyň gadyr-gymmaty düýpgöter başgaçadyr.
Geçmişimize nazar aýlasak, ökde, ussat seýisler bolup, olar gyzdan gylykly, ýelden ýüwrük, inçe bil, uzyn aýak, gamyş gulak atlary ýetişdirmek bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Hatda seýislik käri ajaýyp sungata öwrülipdir.
Ahalteke atlarynyň dünýäniň beýleki atlaryndan tapawudy — olaryň syratynda we häsiýetindäki nepislikdir. Türkmen seýisleri asyrlarboýy aty terbiýelemekde diňe bir fiziki güýje däl, eýsem ruhy baglanyşyga hem bil baglapdyrlar. Şonuň üçin hem türkmen bedewi öz eýesiniň pikirini duýmaga hem ukyplydyr. Şu ýerde ýene bir rowaýat gaýybana ýadyňa düşýär. Gadym zamanda bir tanymal seýis özüniň iň gowy gören taýyny ýetişdiripdir. Bu taý şeýle bir owadan, şeýle bir syratly ekeni welin, ony görenler: «Bu at däl-de, asmandan inen hudaýy bir gudrat» diýer ekenler. At kemala gelende, ony synap görmek üçin uly ýaryş guralýar. Ýöne seýis atyny ýaryşa salmazdan öň, ony iň soňky we iň kyn synagdan geçirmek kararyna gelýär. Ol atyny gaty gyzgyn, gurak çöle alyp gidýär we üç günläp suw bermeýär. At suwsuzlykdan ýaňa ýanyp durka, seýis ony uly bir çaýyň kenaryna getirýär.
At suwuň ysyny alanda, bar güýji bilen suwa tarap okdurylýar. Şol wagt seýis elindäki galkanyny bir-birine urup, adatdan daşary gaty ses çykarýar. Bu ses — söweş we howp belgisidir.
Suwa bir garyş galanda, at sarsylyp durýar. Içindäki suwsyzlyk ony suwa çekse-de, eýesiniň «howp» duýduryşy ony saklaýar. At suwa seredýär, soňra eýesine seredýär we şol ýanyp duran teşneligine garamazdan, suw içmän eýesiniň ýanyna dolanyp gelýär. Seýis atynyň maňlaýyndan öpüp, şeýle diýýär: «Indi sen hakyky bedew bolduň. Sebäbi sen diňe bir güýçli däl, eýsem, öz nebsiňden we mätäçligiňden eýeňe bolan wepalylygyňy görkezdiň.»
Döwlet gerbinde bedewiň suratynyň ýerleşdirilmegi, bu jandaryň biziň döwletliligimiziň we erkinligimiziň simwolydygynyň subutnamasydyr. Bedew atly durmuşyň depgininiň çaltlygy, ösüşi we türkmeniň asyllylygyny aňladýar.
Hawa, türkmen bedewleriniň waspy türkmen edebiýatynda hem öz mynasyp beýanyny tapýar. Gamyşgulak, ýyndam bedewlerimiz barada ýazmadyk şahyr, ýazyjy ýok bolsa gerek. Watançy şahyr Seýitnazar Seýdi hem özüniň «Üsti bedewiň» atly şygrynda bedew atyň ýigitleri maksat-myradyna ýetirýändigini aýdýar we at üstüni Süleýmanyň tagtyna deňäp:
Dal bedew ýigidi ýetir myrada,
Ajap, hoş görkezer ýakyna, ýada,
Bilseňiz, ýaranlar, öter dünýäde,
Döwletli döwrandyr üsti bedewiň – diýýär.
Türkmen halky şeýle bedewlerimize diňe bir geçmiş taryhymyzda däl-de, eýsem, şu günümizde hem çäksiz guwanýar. Şeýle bedewler bu günki gün biziň ak arzuwlarymyz, päk niýetlerimiz bolup, türkmen halkyny güneşli ertirlere, ak säherlere sary atarýar.
Zyýadulla ROZMURADOW,
Farap etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

