Lebap welaýatynyň çäginde hereket edýän «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti we «Mizemez gadam» hususy kärhanasy Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen «UzBuild 2020» halkara gurluşyk sergisine gatnaşdylar.
Sergide dürli görnüşli gurluşyk materiallary görkezildi. 25 — 28-nji fewral aralygynda dowam eden sergä 25 ýurtdan 400 töweregi kompaniýa öz önümleri bilen geldiler. «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti we «Mizemez gadam» hususy kärhanasy gurluşykda giňden peýdalanylýan önümleri çykarmak bilen meşgullanýarlar. «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti kerpiç we plitalaryň dürli görnüşlerini çykarýar. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy bolsa bitum we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýär hem-de olaryň bir bölegini eksporta iberýär. Lebaply önüm öndürijiler serginiň çäklerinde geçirilen maslahatlara, gepleşiklere we duşuşyklara gatnaşdylar.