YKDYSADYÝET

“Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýeti UzBuild-2026 halkara sergisine üstünlikli gatnaşýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty hususy pudagyň ösüşini täze belentliklere göterip, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwatyny has-da berkidýär. Şol ösüşleriň aýdyň mysaly hökmünde öz öndürýän önümleri bilen diňe bir ýurdumyzyň içinde däl-de, eýsem goňşy döwletleriň bazarlarynda hem alyjylaryň uly isleginden peýdalanýan “Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýetiniň keramiki bezeg önümlerini öndürýän döwrebap zawodyny aýratyn belläp geçmek bolar.
Bu kärhanada gurluşyk pudagynyň dürli ugurlary üçin niýetlenen ýokary hilli önümler — ýüz taraply keramiki kerpiçler, keramiki bezeg plitalary, jaýlaryň içki diwarlarynda ulanmak üçin termobloklar, şeýle hem el işi esasynda taýýarlanylýan bezeg plitalary, angoply we teksturaly keramiki kerpiçler öndürilýär. Önümleriň her biri häzirki zaman arhitekturasynyň talaplaryna laýyklykda naýbaşy gözellik derejesi bilen tapawutlanmak bilen bir hatarda, ýokary temperatura şertlerinde bişirilip, daşky täsirlere çydamlylygy we uzak möhlet hyzmat edýändigi bilen hem sarp edijileriň ynamyna eýe bolýar.
Häzirki wagtda “Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýeti öz önümçilik mümkinçiliklerini halkara hyzmatdaşlyk meýdançalarynda hem üstünlikli görkezýär. Kärhananyň 2026-njy ýylyň 10–12-nji fewralynda Daşkent şäherinde geçirilen UzBuild halkara sergisine gatnaşmagy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüş mümkinçilikleriniň dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrylmagyna möhüm itergi berdi. Sebitleýin gurluşyk bazarynyň esasy çärleriniň biri hasaplanýan bu sergi gurluşyk pudagynda sanly çözgütleriň görkezilýän, täze hyzmatdaşlyklaryň döredilýän hem-de eksport mümkinçilikleriniň giňeldilýän möhüm meýdançasyna öwrüldi.
UzBuild halkara sergisine gatnaşmak arkaly “Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýeti diňe bir öndürýän önümleriniň ýokary hilini we döwrebaplygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň giňelmegine, “Türkmenistanda öndürildi” ýazgyly önümlerimiziň halkara derejesinde tanalmagyna, şeýle hem täze hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagyna mynasyp goşant goşýar. Bu ugurdaky işler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup, Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlanmagyna, hususy pudagyň mümkinçilikleriniň artmagyna hem-de halkara ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna hyzmat edýär.