2025-nji ýylyň 1–3-nji oktýabry aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde sebitiň gurluşyk pudagynyň öňdebaryjy kärhanalaryny we hyzmatdaşlaryny birleşdirýän «TajBuild-2025» halkara sergisi geçirilýär.
Bu sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýeti hem giň görnüşli keramiki bezeg önümlerini hödürleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde, hususy önüm öndürijilere giň mümkinçilikler döredilýär, döwrebap goldaw berilýär we dünýä bazarlaryna çykmak üçin ähli şertler döredilýär.
Häzirki wagtda «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän zawodynyň önümçiliginde içerki hem-de daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýan keramiki bezeg kerpiçleri we plitalary öndürilýär. Zawodyň önümleri Özbegistana, Gyrgyzystana we Gazagystana eksport edilýär. Bu bolsa olaryň bäsdeşlige ukyplydygyny we
halkara hil ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýar.
TajBuild-2025 halkara sergisine gatnaşmak, kärhana üçin täze halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda we dünýä bazarlarynda öňe çykmakda möhüm ädim bolup durýar. Bu bolsa Türkmenistanyň hususy pudagynyň ýokary mümkinçilikleriniň we ýurdumyzyň gurluşyk önümleriniň hil derejesiniň ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut edýär.
«Döwletli-Döwran» HJ keramiki bezeg önümlerini dünýä bazarlaryna çykarýar
02
Oct

