BIZE YAZYARLAR

Döwletli çagalar höweslendirildi

Partiýamyzyň etrap komitetiniň wekilleri etrap häkimliginiň syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli wekilleri bilen bilelikde döwletli çagalary Täze ýyl baýramy bilen sylaglamak dabarasyna gatnaşdy. Dabara Türkmenabat şäherindäki «Köýten» söwda merkezinde geçirildi.
Dabaranyň çäklerinde Aýaz baba we Garpamyk etrabyň dürli geňeşliklerinde ýaşaýan döwletli çagalaryň 45-sine sowgatlary gowşurdy. Olar hem öz gezeginde şadyýan baýramyň baş gahrymanlaryna ýat tutup gelen goşgularyndan okap berdiler.
Çärjew etrabynda goldawa mätäç maşgalalaryň hemişe uly alada bilen gurşalýandygyny nygtamak gerek. Ata-enesiniň biri ýa-da ikisi hem aradan çykan 14 ýaşa ýetmedik döwletli çagalar bolsa ýygy-ýygydan höweslendirilip durulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyry bilen dolaryň durmuşda ornuny tapyp, göwün beren hünäriniň eýesi bolmagy üçin hem ähli şertler döredilýär.

Gülnur ABDYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy.