Döwletjan Ýagşymyradow ýeňişden soň ilkinji pikirlerini paýlaşdy
Garyşyk söweş sungatynyň çärjewli ussady, PFL-iň çempiony Döwletjan
Ýagşymyradow özüne çempionlyk we 1 million amerikan dollaryny getiren tutluşykdan soň ilkinji pikirlerini paýlaşdy. Ol babatda müňlerçe janköýeriň
öňünde geçirilen gysgaça interwýuda şeýle diýdi:
― Er-Riýad, köp sag boluň! Men bu gün özümi diýseň bagtly hasaplaýaryn.
Meni ýürekden goldanlyklary üçin ähli ýakynlaryma, maşgalama hoşallyk
bildirýärin! Men 2024-nji ýylyň çempiony! Täze ýyla ― täze gadam bilen!
Final tutluşygynda biziň ildeşimiziň Impa Kasanganaýy birinji döwde nakaut
bilen ýeňendigini ýatladýarys.