SPORT WE SYÝAHAT

Döwletjan Ýagşymyradow janköýerlerine hoşallyk bildirdi

Garyşyk söweş sungatlarynyň PFL ligasynyň lebaply çempiony Döwletjan
Ýagşymyradow çempionlyk tutluşygyndan soň özüni goldamak üçin Saud
Arabystanynyň Er-Riýad şäherine ýöriteläp baran janköýerlerine hoşallyk
bildirdi.
― Janköýerlimiziň goldawy maňa uly güýç berdi. Olar, bir söz bilen aýdylanda,
AJAÝYP! ― diýip, çempion tutluşykdan soň pikirlerini paýlaşdy.
Hakykatdan-da, tutluşygyň bütin dowamynda Döwletjan Ýagşymyradowyň
janköýerleri Impa Kasanganaýyňkydan rüstem geldiler. Bar-ýogy bir döw
dowam eden tutluşykda giň zaly diňe «Döwlet! Döwlet!» diýen sözler gurşap
aldy.
Tutluşygyň 29-njy noýabrda geçirilendigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: