SPORT WE SYÝAHAT

Döwletjan Ýagşymyradow ― PFL-iň çempiony

Türkmenistanly garyşyk başa-baş söweş (MMA) boýunça söweşijisi Döwletjan
Ýagşymyradow amerikan söweşijisi Impe Kasanganaýany «Professional Fighters
League» (PFL) ýaryşynyň finalynda ýarym agyrlyk agram derejesinde ýeňmegi
başardy.
Tutluşyk Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde «PFL 10. Finals» ýaryşynyň
çäklerinde geçirildi we birinji raundda nokaut bilen tamamlandy.
Ýagşymyradowyň hasabynda indi 25 ýeňiş, ýedi ýeňiliş we bir deňme-deňlik
bar. «Gran-pri» finalynda gazanan ýeňşi üçin türkmen türgeni bir million ABŞ-
nyň dollary möçberindäki baýraga mynasyp bolar.
Kasanganaýanyň hasabynda 14 ýeňiş we bäş ýeňiliş bar.