Döwletiň ykrary ýaşyl Baýdagym
Ýazlary ak çagbaly, ýaýlalary nagmaly Watanymyzyň ýaşyl Tuguna togap edenimizde göwünler galkynýar. Baýdagymyzda täze dogan nurly Aýyň lowurdysy, bu topragy jandan söýen pederleriň ýörelgesi jemlenendir. Ýaşyl Tugumyz berkararlygyň bagtydyr, bagtyýarlygyň tagtydyr, geçmişe, geljege nur saçýan röwşen ýagtylykdyr. Oňa beýik eýýamlaryň kämil paýhady siňendir. Halkymyzyň ykbaly, döwletimiziň ykrary ýaşyl Tugumyzda görünýär. Şahyr Nobatguly Rejepowyň aýdyşy ýaly:
Jeýhun derýam göçgün ruhuň,
Al asmanda parlar Tuguň,
Paýhasyndan Arkadagyň
Geçmiş ajap eýýam bu gün.
Döwlet nyşanymyz — halkymyzyň ynanjy, erki we namysydyr. Onda ýaşaýşyň manysy jemlenen. Tugumyzyň keşbi läle-reýhana, müşki ýaşyl meýdana, yşky bolsa, köşgi-eýwana düşýär. Ýaşyl Baýdagymyzda gaýduwsyz mertleriň synmaz keşbi, Watana wepaly perzentleriň sönmez yşky bar. Pasyrdanda täsin şowurdysy, şadyýan çabgalaryň şybyrdysy, Gülüp çykan Günüň lowurdysy kalbymyzda ajaýyp duýgulary oýarýar. Onda milletiň egsilmejek mähri, ary, namysy mertebesi jemlenendir. Tugumyz hakyndaky mukaddes düşünjeler türkmen nesillerine durmuş sapagyny berýär. Müňlerçe ýürek onuň pasyrdysyndan ylham alýar. Baýdagyň pasyrdysy bahar şemalyna öwrülýär. Ol şemal Jeýhunyň ýakasyndan, seleň sähralaryň üsti bilen Hazara sary ugraýar we ýurdumyzyň çarýanyna ýaýrap, halky bir ojagyň başyna jemleýär.
Baýdagymyzdaky gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy: ahalteke, ýomut, salyr, çowdur, ärsary haly gölleri ýerleşdirilipdir. Gyzyl-gyrmyzy zolagyň aşaky böleginde zeýtun baldagy bolsa, Türkmenistanyň BMG tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwletdigine şaýatlyk edýär.
Tug halkyň ynanjy, erki, namysydyr. Baýdagyň pasyrdysy ýürekleriň öýdümidir.
Esger ýigitler Tugumyza tagzym edip, Watana wepalylyk hakyndaky kasamyny kabul edýärler. Ol biziň üçin supranyň ak urbasy, saçagyň mele-myssyk çöregi ýaly mukaddesdir.
Türkmen halky milli öwüşginleriniň arasynda ýaşyl reňke uly sarpa goýýar. Bu reňk türkmen döwletiniň Tugrasynyň, Tugunyň, Oguz han atamyzyň baýdagynyň reňki hasaplanylýar. Ol ýaz paslynyň, türkmeniň ajaýyp tebigatynyň, ýaşaýşynyň, bakylygyň, päkligiň nyşany. Döwrümiziň sazyna, türkmeniň dört pasylda dowam edýän ýazyna meňzeş Tugumyz biziň seždegähimiz bolup, onuň ýaşyl reňki hasyllylygyň alamaty hökmünde häsiýetlendirilýär. Rysgal-döwletliligiň, ýagşylygyň alamaty we ata-babalarymyzyň irki düşünjeleriniň, milli däpleriniň dowamy bolan bu reňk ruhy mirasymyzyň gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Ýaşyl reňk tebigatda janly ýaşaýşyň nyşanydyr. Ol Gün bilen Zeminiň üznüksiz yzygiderli we tükeniksiz sazlaşygy netijesinde ýüze çykýar. Çuňňur taryhy mazmunly Ýarymaý we 5 sany ýyldyz welaýatlarymyzyň jebisligini alamatlandyrýar. Ýarymaý şekili ruhy gymmatlyklarymyzy düzýän, medeni mirasa öwrülen şekilidir. Döwlet nyşanymyzda Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň şekiliniň ulanylmagy halkyň gyzgyn ýüreginiň, pähim-paýhasynyň many-mazmunyny ýüze çykarýar. Goý, ýaşyl Tugumyz hemişe belentde pasyrdasyn!
Orunaý Ereşowa,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.