Eziz Diýarymyz ajaýyp zamanamyzda çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen döwletli başlangyçlar, giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, şäherleriniň gözel keşbini synlanyňda, bu hakykata aýdyň göz ýetirýäris. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde dürli taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän täze, döwrebap desgalaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň dowam etdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüşine netijeli häsiýete eýediginiň, ýurdumyzyň berkararlygynyň aýdyň nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan ägirt uly işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, öňi bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasynyň kemala gelmegine mümkinçilik berdi. Taryh üçin uzak bolmadyk 34 ýyl gazanylan üstünlikleriň ähmiýeti boýunça asyrlara barabar döwür boldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, Türkmenistan okgunly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanaldy. Täze önümçilikler döredildi, olaryň öndürýän önümleri bolsa dünýä bazarlarynda mynasyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar-institusional özgertmeleri mundan beýläk-de ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş ýerlerini döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary depginli ösüşi saklamaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berýär. Kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak maýa goýum syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ýene-de bir wajyp ugry eýeçiligiň görnüşleri boýunça serişdeleriň bölünişini kämilleşdirmekden ybarat bolup, bu babatda daşary ýurt maýa goýumlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň hususy böleginiň serişdelerini amatly ugurlarda ulanmak göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawy ykdysadyýetde kiçi we orta telekeçiligiň tutýan paýyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Maýa goýumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Munuň üçin aýry-aýry ýurtlaryň maýa goýum özüne çekijiligini häsiýetlendirýän halkara reýtinglerde Türkmenistanyň görkezijilerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly işler alnyp baryldy. Kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy maýa goýumlaryň ýokary depginli ösüşini gazanmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alyp barýan işleriniň netijesinde maýa goýumlaryň uly bölegi önümçilik däl pudaklara gönükdirildi. Durmuş üpjünçilik desgalarynyň we inženerçilik ulgamlarynyň müňlerçesi gurlup ulanmaga berildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýeti dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde yzygiderli ösdürilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, geljekde ýurdumyz has ýokary derejelere ýeter.
Gülkamar ÖWLIÝAKULYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň mugallymy.
