Hasyl toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda bir topar oba hojalyk işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolanlaryň arasynda Saýat etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň 8-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Arça Jumaniýazow hem bar. Ol 25 ýylyň dowamynda kärende ýerlerinde bugdaýdan hem gowaçadan ýokary hasyl almagy dowam etdirýär. Bu ýyl hem Arça aga 1 gektardan 55 sentner bugdaý, 5 gektar meýdandan bolsa her gektara 40 sentnerden gowrak pagta öndürdi. Häzirki wagtda kärende ýerlerinde galan hasylyň soňky hanasyna çenli ýygnaýyş işleri alnyp barylýar.
Daýhanyň aýtmagyna görä, häzirki döwürde oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler, tohum, suw, dökün we himiki serişdeler boýunça döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler bol hasyl almaga aýratyn mümkinçilik döredýär. Döwlet tarapyndan satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy hem daýhanlaryň zähmetine ýokary baha bolup durýar. Arça Jumaniýazow geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini ýokary hilli geçirendigini, maýsalaryň gowy gögerendigini aýratyn nygtap, hormatly Prezidentimize oba hojalygynda döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirdi. Daýhanlaryň wagtynda hasaplaşyklar bilen üpjün edilmegi, olary hormatlamak we döwlet sylaglary bilen sarpalamak olaryň täze üstünliklere ruhlanmagyna güýç berýär
