BIZE YAZYARLAR

Döwlet ösüşiniň esasy ugry

Garaşsyz Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna tiz goşulyşmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň kemala gelen we özgerýän milli nusgasy-da ilkinji nobatda jemgyýetiň maddy, ruhy isleglerini kanagatlandyrmakdan, senagat önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny pudaklaýyn, sebitleýin we üznüksiz hem-de deňölçegli ösdürmekden ugur alýar. Bu bolsa öz gezeginde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmekde möhüm bolan wezipeleriň oňyn çözgütlerini tapmaga esas döredýär. Türkmenistanda soňky ýyllarda senagat kärhanalarynyň durkuny täzelemek, olary doly önümçilik kuwwatynda işletmek, ýurduň içerki bazarynyň sygymyny giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirilýändigi-de bellärliklidir.

Diňe bir Aşgabatda däl, sebitlerde-de ykdysady özgertmeleriň täze basgançaklaryny emele getirmek maksady bilen dürli senagat we önümçilik kärhanalaryň sazlaşykly işi ýola goýulýar. Indi ol kärhanalarda öndürilýän dürli önümler, senagat harytlary öz gezeginde diňe bir ýurduň içinde ýerlenilmän, eýsem «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen daşary ýurtlaryň-da ençemesine çykarylýar. Eksport mümkinçilikleriň artmagynda Watanymyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň hatarynda Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan ýaly döwletleri görkezmek bolýar. Halkyň gündelik sarp edýän harytlaryny öndürip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda esasy ýeňilligiň önümçilikde zerur bolan ýerli çig mallardan peýdalanylmagyndadyr. Bu bolsa dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek, elýeterli bahaly önümleri öndürmekde esasy aýratynlyk hasaplanýar.

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň gyradeň ösdürilmegini gazanmak maksady bilen ylmy-innowasion esasda sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak işine gönükdirilen çäreleriň hem işläp düzülendigi bellärliklidir. Munda döwür bilen aýakdaş gitmek zerurlygynyň hökmanylygy göz öňünde tutulyp, ykdysadyýet ähli pudaklary dünýäniň iň kämil, döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyny şertlendirýär.

Gülşen Jumabaýewa,

Türkmenabat şäheriniň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: