Döwlet eýesi mähriban enelerimiziň arzuwlary hasyl bolsun! Şonda eziz Watanymyza döwlet ornar, halkymyzda agzybirlik pugtalanar. Biziň bagtyýarlygymyz eziz eneleriň arzuwydyr. Biziň arzuwymyz bolsa eneleriň bagtyýar bolmagydyr.
Tebigaty janlandyrýan bahar paslynyň ilkinji aýynda ýurdymyzda dabaralanýan 8-nji mart – Halkara zenanlar güni “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem dürli baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp, ulydan toýlanýar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Ýulduz Nazarowanyň 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bahar gülleri” atly synp konsertini geçirdi. Konsertiň dowamynda Ýulduz Nazarowanyň okuwçylary türkmen we daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň watançylyk, söýgi temasyndaky aýdymlary, türkmen nusgawy sazlary, enelerimizi, gözel tebigatymyzy wasp edýän eserleri ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
Konsertda fortepiano saz guraly boýunça mekdebimiziň mugallymy Sabohat Esenowa sazandarlyk etdi. Bahar bägülleri ýadyňa salýan zehinli okuwçylaryň ýerine ýetiren her bir eserleri saz söýüjileriň söýgüsine mynasyp boldy.
Buržua Žerar “Мама – первое слова” eseri ýaş ýerine ýetirijilerimiziň gelin-gyzlarymyza, enelerimize çäksiz söýgüleriniň beýany bolup ýaňlandy.
Konserta gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetirilen “Elle çao” eseri we okuwçylarynyň aýratynlykda öz mähribanlaryna baýramçylyk gutlaglarynyň aýdylmagy konserta gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Ajaýyp al-elwan güllere meňzeýän gelin-gyzlarymyz edep-ekramyň, gözelligiň, sadalygyň nusgasydyr. Milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, olary nesilden-nesle geçirmekde we çagalary milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň zähmeti ulydyr.
Watanymyzyň ajaýyp geljegini döretmekde, ýaş neslimizi terbiýelemekde, olaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin uly zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun.
Türkmenabat şaheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy
Ajap Dosyýewa Myradowna.