TÜRKMENISTAN HABARLARY

Döwlet etalon merkezi halkara akkreditasiýasyny giňeltdi

«Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi temperaturany ölçemek boýunça kalibrleme barlaghanasy we agram ölçeýji barlaghanasyny öz içine alýan halkara akkreditasiýasyny giňeltdi.
Wengriýanyň Milli akkreditasiýa edarasynyň (NAH) bilermenleri tarapyndan geçirilen hil dolandyryş ulgamynyň baha bermeginiň netijelerine görä, 2023-nji ýylyň 22-nji iýunyndan 2028-nji ýylyň 22-nji iýunyna çenli hereket edýän NAH-2-0370/2023 şahadatnamasynyň akkreditasiýa çygry 2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda giňeldildi. Bu barada Döwlet etalon merkeziniň ylmy-usuly marketing we halkara tejribesini öwreniş bölüminiň ýolbaşçysy Aýna Söýünowa salgylanmak bilen Vestiabad internet neşiri habar berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: