Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow 2025-nji ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat berdi. Hasabata görä, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,7 göterim berjaý edildi.
Şeýle-de ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,5 göterim, çykdajy bölegi 99,8 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkezijiler ýerli maliýe dolandyryşynyň durnukly alnyp barylandygyny görkezýär.
Maliýe gözegçiligi boýunça 2025-nji ýylda balans toparlarynyň jemi 141 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 111 mejlisi geçirilip, olaryň dowamynda edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.
Döwlet býujetiniň 2025-nji ýyldaky girdeji-çykdajy bölekleri sazlaşdyryldy
16
Feb

