SYÝASAT

Döwlet Baştutany welaýat häkimine täze tabşyryklary berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu hepdäniň başynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän bu möhüm möwsümiň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň artdyrylmagyny, meýdanlardaky hasylyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaýa ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, şaly oragynyň bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: