TÜRKMENISTAN HABARLARY, YKDYSADYÝET

Döwlet Baştutany Lebapda oba hojalyk işlerini öz wagtynda alyp barmagy tabşyrdy

Lebap welaýatynyň pagtaçy daýhanlary tarapyndan ýetişdirilen “ak altynyň” hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bu barada welaýatyň häkimi Maksat Annanepesow döwlet Baştutany tarapyndan düýn ― duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, möwsümde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär.
Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, kadaly gögeriş almak üçin agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak hem-de bökdençsiz kabul etmek babatda zerur işler geçirilýär. Şeýle-de häkim welaýatdaky bilim, medeniýet,
jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny bökdençsiz
işletmek üçin görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän işleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutany ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.