Döwlet Baştutany Lebap welaýatynyň häkimine täze tabşyryklary berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesowa häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, gysga wagtda ýygnalyp alynmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu ugurdaky işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkime tabşyrdy.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.