JEMGYÝET

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Balkan welaýat bölümi täze jaýa göçüp bardy

Balkan welaýatynyň merkezinde Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berildi. Bu barada «Nesil» gazeti habar berýär. 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň welaýat bölüminiň täze binasy türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin gönükdirilen desgalaryň hataryna degişlidir. Onuň işiniň esasy maksady şahsy we edara görnüşli taraplaryň bähbitlerini goramagyň netijeli guralyny döretmekden hem-de bu ulgamda döwlet düzgünleşdiriş usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Täze binanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — ýurdumyzyň gurluşyk bazarynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan «Altyn ganat» hususy kärhanasy tarapyndan gurlandygy bellärliklidir. Birinji gatda hünärmenleriň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen iş otaglary, ikinji gatda bolsa giň maslahatlar zaly bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: