- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Dowarlaryň güýz gyrkymyna girişildi

  Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň güýz gyrkymyna girişildi. Bu möhüm iş tejribeli hünärmenlere ynanyldy.

  Dowarlaryň güýzki gyrkymyna maldarlar taýýarlykly geldiler. Möwsümi guramaçylykly, ýokary öndürijilikli geçirmek maksady bilen Garagumuň, Gyzylgumuň ähli amatlyklary bolan giň ýaýlalary, dag etekleri saýlanylyp alyndy. Şu möwsümde göz öňünde tutulýan 281 müň 984 sany dowardan 225,6 tonna ýüň almaklyk meýilleşdirilýär. Güýz gyrkymynyň öz wagtynda tamamlanmagy üçin maldarlar goşmaça gyrkym enjamlary we zerur tehnikalar bilen üpjün edildi. Şonuň netijesinde gyrkymçylar gündelik iş tabşyryklaryny 1,5 esse berjaý etmegi başarýarlar. Bu işde Döwletli etrabynyň «Amyderýa», «Tallymerjen», Köýtendag etrabynyň «Dagly», «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklarynyň zähmetsöýer adamlary has-da tapawutlanýarlar.