YKDYSADYÝET

Dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär

Şu günler Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi hem gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýyl maldarlar 79 müň 206 sany ene goýundan 72 müň 718 sany guzy almagy meýilleşdirdiler.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda dowarlardan alnan owlak-guzularyň sany 12 müň 452-ä ýetdi. Möwsümde owlak-guzy almak boýunça «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygy öňe saýlanýar. Bu ýerde täze dogulýan owlak-guzularyň sany 5100-e barabar boldy. «Tallymerjenliler» möwsümde 14 müň 426 sany owlak-guzy almagy maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: