Köýtendag etrabyndaky Dostluk galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň dokuz aýynda 21257 tonna bugdaý gaýtadan işlenilip, ondan 15943 tonna un, 4909 tonna kepek alyndy we 623 tonna çörek taýýarlanyldy.
Şeýle-de ýanwar — sentýabr aýlarynda 1078 tonna tüwi öndürildi.
Ýerine ýetirilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 46 million 421 müň manatlyga deň boldy. Ýylyň başyndan bäri taýýar önümleriň hem 59 million 20 müň manatlykdan gowragy ýerlenildi. Bu bolsa geçen ýyllaryň degişli döwründäki görkezijilerden ep-esli artykdyr.
Dostlukdaky kärhanada dokuz aýda 20 müňden tonnadan gowrak bugdaý gaýtadan işlenildi

01
Nov