YKDYSADYÝET

Dostlukda her gün 90 tonna çenli un öndürilýär

Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherçesindäki galla önümleri kärhanasynda 437 işçi zähmet çekýär. Olar işi iki çalşykda alyp barýarlar. Kärhana her günde 85–90 tonna un öndürýär. Işçiler Kerki, Hojambaz we Köýtendag etraplarynyň ilatyny un bilen üpjün edýärler.
Kärhanada meýilnamada bellenilen 9800 tonna derek, 9802 tonnadan gowrak un öndürilipdir. Bu ýerde ýokary, birinji we ikinji hilli unlaryň, şeýle hem çörek, bugdaý kepegi, tüwi ýaly önümleriň öndürilýändigi bellenilýär.