YKDYSADYÝET

Dostlukda bäş aýda 14 müň tonna bugdaý gaýtadan işlenildi

Dostluk galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda bugdaýyň 14009 tonnasy gaýtadan işlenilip, meýilnama 101 göterim berjaý edildi.

Geçen bäş aýda 10507 tonna un öndürildi. Şonuň 2522 tonnasy ýokary hilli, 7004 tonnasy birinji hilli, 981 tonnasy bolsa ikinji hilli undur.

Şeýle-de bu döwürde 440 tonna çörek, 1002 tonna tüwi, 3234 tonna kepek öndürildi. Taýýar önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 28 million 14 müň 299 manatlyga deň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: