MEDENIÝET

Dostluk şäher kitaphanasyna täze kitaplar gelip gowuşdy

Täze ýylyň ilkinji günlerinde Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasyna täze kitaplaryň uly toplumy gelip gowuşdy. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasyndan syzylyp çykan «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy», «Änew ― müňýyllyklardan gözbaşyny alýan medeniýet» we «Hakyda göwheri» ýaly kitaplar hem bar.
Täze kitaplar dessine okyjylaryň gyzyklanmasyny gazanýar. Hepdäniň dynç alyş günlerinde bolsa olar bilen okalan kitaplar barada çekişmeler, pikir alyşmalar guralýar.
Müňlerçe kitaplyk gory bolan kitaphanada häzirki wagtda hasaba alnan okyjylaryň sany ýarym müňden geçýär.