Köýtendag etrabyndaky «Dostluk» galla önümleri kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 18 müň 136 tonna bugdaý täzeden işlenilip, 13 müň 602 tonna un öndürildi.
Günlük öndürijilik 85 – 90 tonna deň bolup, meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi artygy bilen üpjün edilýär.
Kärhananyň ýörite barlaghanasynda öndürilýän önümleriň hil derejesine berkgözegçilik edilýär. Önüm öndürmekde täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy gazanylýan ýokary netijeleri üpjün edýär.
«Dostluk» galla önümleri kärhanasynda bugdaý işlemekde ýokary netijeler gazanyldy
26
Sep
