SPORT WE SYÝAHAT

Dört ýyldan soň dünýäniň transfer rekordy täzelendi

Bütin dünýä klublary bir transfer penjiresinde täze oýunçylary satyn almak boýunça rekordy täzelediler.

«Transfermarktyň» maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň tomsunda satyn almak üçin 7,63 milliard ýewro sarp edildi. Öňki rekord 2019-njy ýylyň tomusky transfer penjiresinde goýlupdy we şol ýyl 7,568 milliard ýewro barabar bolupdy.

Dünýäde iň köp aýlyk alýan on futbolçynyň sekizisiniň Saud Arabystanynda oýnaýandygyny bellemelidiris.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: