TÜRKMENISTAN HABARLARY

Dört günlük dynç alyş günleri ýakynlaşýar

Oraza baýramynyň bellenilmegi we Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününiň geçirilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň ilaty üçin yzygiderli dört günlük dynç alyş günleri döredildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen degişli Permana laýyklykda, 2026-njy ýylyň 20-nji martynda Oraza baýramy milli baýram hökmünde dabaraly bellenilip geçiler.
Şeýle hem, raýatlaryň baýramçylyk günlerinde oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 22-nji martdaky ýekşenbe dynç güni 23-nji marta — duşenbe gününe geçirildi. Şunlukda, 20, 21, 22 we 23-nji mart günleri resmi dynç alyş günleri bolup, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan bu tertibiň ýerine ýetirilmegi üpjün ediler.