Şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlarda jemi 169 medal gazandylar, bu üstünliklerde lebaply türgenleriň hem uly paýy bar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabata görä, diňe aprel aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary ýurdumyzyň medallar gaznasyny 46 medal bilen baýlaşdyrdylar. Şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag şäherinde we welaýatlarda medeni-sport çäreleri geçirildi.
Dört aýda 169 medal: onda lebaply türgenleriň hem uly paýy bar
04
May

