BIZE YAZYARLAR

Döredijilikli sapaklaryň ähmiýeti

Ençeme ýyldan bäri okuwçylara rus dili we edebiýaty dersinden sapak berýärin. Her bir sapagy durmuş bilen baglanyşdyrmak, okuwlaryň gözýetimini giňeltmek maksady bilen goşmaça maglumatlardan ýerlikli peýdalanýaryn. Sapagyň dowamynda okuwçylaryň pikirleniş endiklerini ösdürmek üçin dürli iş usullaryndan peýdalanýaryn. Täsirli maglumatlar okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär.
Beýik rus ýazyjysy I.Turgenew bilen meşhur alym-wraç W.P.Botkin Italiýa gezelenje barýarlar. Olar görnükli rus suratkeşi A.A.Iwanowyň Rimdäki ussahanasyna myhman barypdyrlar. A.Iwanow ýigrimi ýyllap «Isusyň halkyň arasyna barşy» diýen eseriniň üstünde işläpdir. Gije-gündiz diýen ýaly ussahanasyndan çykman gürrüňdeşi Isus bolupdyr.
A.Iwanow geljekki suratynyň ölmez-ýitmez eser bolmagy üçin ol Isusyň zamanasyndan galan taryhy çeşmeleri, çeper edebiýatlary köp okap, şol döwrüň ruhuna aralaşypdyr. Onsoň ol hakyky real dünýäden çykyp mistiki dünýä – ylahy dünýä aralaşjak bolup, köp sanly mistiki eserleri, dini taglymatlary okap Iisusy – ýüreginde, aňynda, hyýalynda-oýunda göterip, ýigrimi ýyl zähmet çekip ahyry polotno geçirýär.
I.Turgenew hem B.P.Botkin ölmez-ýitmez eseri uzak wagt synlaýarlar, suratkeş bilen çaýlaşyp gürrüňdeş bolýarlar. Turgenew ony nahara çagyrýar.
– Nahara? Rim restoranynamy?.. Aý, ýok, men restorana gitmäýin…
– Näme üçin?
– Men restorana barsam, meni hökman zäherläp öldürerler.
«Awçynyň hekaýatlary» ýaly genial eseri ýazan Iwan Turgenewem, saraltma keselini açan meşhur lukman Botkinem ör-gökden gelýär:
– Sizi kim zäherlesin?
– Kimdigini biljek däl, ýöne maňa awy berjekdikleri welin hak.
– Näme, siziň Rimde duşmanyňyz barmy?
– Ýok! Ýok-la, meniň duşmanym ýok, ýöne, barybir, meni zäherlärler.
Adam psihologiýasyna belet ýazyjy bilen lukman onuň psihikasynda özgermäniň bardygyny, onuň ýaňadandan jemgyýetiň arasyna çykmagynyň hökmandygyny duýup, onuň bilen dilleşýärler.
– Ertir günortan Rimiň pylan restoranynda naharlanarys. Haçanda bize nahar getirenlerinde bolsa, men siziň naharyňyz bilen öz naharymy çalşaryn, men bolsa lukman, zähere garşy göreşmegiň dürli ýollaryny bilýän – diýip, Botkin suratkeşi ynandyrýar.
Adam jemgyýetiň agzasy. Eger ol ýalňyz ýaşamaga mejbur bolsa, onuň ýagdaýy agralýar. Ýalňyzlyk adamyň psihikasynyň üýtgemegine alyp barýar, ýalňyzlyga sezewar bolan adamyň uzagyna akylyna zeper ýetýär.
Meşhur Serwantesiň «Don Kihot Lamançly» eseriniň baş gahrymany Don Kihody alyp göreliň. Don Kihot akylly-paýhasly, dünýäni, durmuşy söýýän gowy adam. Ol dworýan, güni özünden aýlanyp duran hyzmatkärli dworýan. Ol dworýan, onuň işi-pişesi ýok. Ol näme bilen meşgul boljagyny bilmän rysar romanlaryny okap başlaýar. Ol halk üçin, ýurt üçin göreşip ýören batyr gahryman rysarlar hakynda ýazylan ýüzlerçe-ýüzlerçe romanlary okaýar. Ol romanlaryň bir gahrymany aždarhalar bilen söweşse, ýene biri döwler bilen göreşýär. Garasaý, onuň okaýan
kitaplary durmuşdan daşdaky fantastiki romanlar. Netijede, Don Kihodyň akyly garyşýar. Ol durmuş bilen edebiýat durmuşyny, hakykat bilen fantaziýany garyşdyrýar. Häzirki ylmy dilde aýdanymyzda, psihikasy üýtgeýär, il dilinde aýdanymyzda bolsa, zyýan tapynýar.
Okuwçylar meşhur şahsyýetleriň hereketleri barada pikir ýöredýärler we öz garaýyşlaryny beýan edýärler. Şeýle usullar olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürýär we bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna täsir edýär.

Rozygül ABDYLLAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.