BIZE YAZYARLAR

Döredijilikli sapaklar – sagdynlygyň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky aladalar ýaşlarymyzyň geljege bolan ynamyny berkitmäge, bilimiň binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu alnyp barylýan işler ýurdumyzda abadançylygyň gülläp ösmeginiň, nesillerimiziň bagtyýar ýaşaýşynyň, mugallymlaryň hasda döredijilikli
işlemekleriniň gözbaşydyr.
Eýsem okuwçylaryň mekdebe höwesli gelmekleriniň özboluşly syry nämedekä? Mekdeplerde dersler gyzykly we täsirli guralanda okuwçylar sapaklara taýýarlanmakdan uly lezzet alýarlar.
Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, beýni ulgamynyň kadaly işi onda gan aýlanyşygy sagdynlaşdyrýar we netijede, beýni öýjüklerine kislorodyň we beýleki maddalaryň zerur mukdarynyň wagtynda gelip durmagyny üpjün edýär. Beýni ulgamynyň sazlaşykly işlemegi adamyň saglygynyň iň zerur şertidir.
Çaganyň akyl zähmeti bilen meşgullanmagy onuň beýnisinde zolaklaryň emele gelmegine getirýär. Çaga pikirlenende şol zolaklara düşýär, ol çalt pikirlenme ukybyna eýe bolýar we onuň beýnisine düşýän agram peselýär. Alymlar barlaglaryň netijesinde çagada döreýän beýni işiniň bozulma kesellerini ylym bilem meşgullanyp, keselleri bejermekde ulanyp boljakdygyny aýdýarlar.
Ylym-bilim biziň ykbalymyzyň aýrylmaz bölegi.
Sapak wagtynda çaga daşky dünýä akyl ýetirýär, özboluşly endikleri we başarnyklary ele alýar. Biz her bir sapagymyzda okuwçylaryň akyl taýdan işjeň bolmagyny, özbaşdak pikirlenmegini, alan bilimlerini durmuşda ulanmak endiklerini ösdürmegi göz öňünde tutýarys. Çünki çaga beden we akyl taýdan kadaly ösen ýagdaýynda, ol durmuşda uly üstünlikleri gazanýar.
Sapaklarda gyzykly oýunlar guralsa, okuwçylar tiz ýadamaýar we olaryň işjeňligi artýar. Oýunlarda okuwçynyň ýaş aýratynlygyny we beden taýdan ösüşini göz öňünde tutmak hökmandyr. Çagalaryň oýunda daşky dünýäni suratlandyryp bilmegi oýnuň esasy aýratynlyklary hasaplanýar. Türkmen dili we edebiýaty sapaklarynda okuwçylar bilen goşgulary we halk döredijilik eserlerini ýatdan öwrenmek bilen baglanyşykly guralýan bäsleşikler netijeliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň çeper eserleriň gahrymanlarynyň häsiýetlerini açyp
görkezýän çykyşlary çagalara lezzet berýär. Şeýle işler olaryň sapaga bolan höwesini artdyrýar.
Sapak wagtynda okuwçynyň mugallyma we deň-duşlaryna dürli soraglary bermegi onuň akyl taýdan işjeňliginiň ösýändigini, bilesigelijiliginiň artýandygyny aňladýar. Suratlara seredip, tebigatyň gözelliklerine syn edip, pikirini suratlandyryp bilmek endigi okuwçylaryň ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär.
Biz hem döredijilikli häsiýete eýe bolan oýunlaryň üsti bilen çagalaryň daş-töwerekdäki zatlara akyl ýetirip, bu barada dogry pikir ýöredip bilmegini gazanmaga çalyşýarys. Okuwçylar bilen yzygiderli alnyp barylýan işler netijesinde olaryň döredijilik ukyplary hem ösýär.
Biz mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän bimöçber aladalaryna, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna bilimli, sowatly, sagdyn pikirli, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek işine öz zehin-başarnyklarymyz bilen jogap bereris.

Maksat METNIÝAZOWA,
Dänew etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.