JEMGYÝET

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenabat şäher häkimliginiň guramagynda geçirilen çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Bu ýerde çykyş eden döredijilik işgärleri Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlap ýazan goşgulary bilen çykyş etdiler. Welaýatyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynda ajaýyp zamanamyzda ýetilen belent sepgitler wasp edildi. Bagşylaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýerine ýetiren aýdymlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasynda Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanyşykly wakalar çeper beýan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: