MEDENIÝET

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýnazarow we Baýram Akatow, şu ýokary okuw mekdebiniň talyplary Gülnahal Seýitkulyýewa we Nazary Bidel Wahid Nazar, Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet bölümiň bagşysy Ören Atakow, Darganata etrabynyň ýaşaýjylary Öwez Gurbanýazow we Nurguly Ýagmyrow, Hojambaz etrabyndan Bazar Şalyýew we Çaryýar Pirimkulyýew, Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy Akmyrat Jumaýew, Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oral Temirow ýeniji diýlip yglan edildi. Şeýle hem Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Esen Çaryýewiň, Türkmen Döwlet medeniýet
institutynyň talyplary Şeker Hüseýinowanyň we Serdar Joraýewiň bäsleşige
hödürlän makaladyr goşgularyna ýokary baha berildi. 
Bäsleşikde ýeňiji bolan ildeşlerimize dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem Hormat hatlary gowşuryldy.