JEMGYÝET

Döredijilik bäsleşigi geçirildi  

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 22-nji orta mekdebinde ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

«Bitaraplyk ― bagtymyz» diýen at bilen geçirilen bäsleşigiň dowamynda oglan-gyzlar dürli dillerdäki aýdymlary aýtmak, milli tanslary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem, bäsleşige gatnaşyjylar nusgawy türkmen şahyrlarynyň goşgularyny çeper keşpler arkaly ýerine ýetirdiler. Üstünlikli çykyş eden ýaş höwesjeňlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Dänew etrap geňeşiniň Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: