DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dolulygyna elektrik togunda işleýän ilkinji uçar asmana galdy

Taryhda birinji gezek «Rolls-Royce» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan dolulygyna elektrik togunda işleýän uçar ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Ol Beýik Britaniýanyň asmanynda takmynan 15 minutlap uçdy, diýip «Коммерсантъ» ýazýar.

«Rolls-Royce» kompaniýasy uçuşyň yz ýanyndan Spirit of Innovation»-iň (elektrouçar şeýle atlandyrylýar) ilkinji uçuşy güýçli depginde synagdan geçirilip başlanandygyny aňladýandygy barada beýannama ýaýratdy. Elektrik hereketlendiriji we onuň çekiş güýji barada maglumatlary toplamaly. Onuň kuwwaty — 400 kilowata ýa-da 544 at güýjüne barabar.

«Rolls-Royce»-yň pikirine görä, uçaryň hereketlendirijisini şu wagta çenli awiasiýada ulanylanlaryň arasynda iň güýçli akkumulýator batareýasy iýmitlendiripdir. Maksat — uçuşyň tizligini takmynan sagatda 500 kilometre çykarmagy gazanmak.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: