YKDYSADYÝET

«Dökünhimiýa» lebaply daýhanlary ýeterlik dökün bilen üpjün edýär

Lebap welaýat «Dökünhimiýa» müdirliginde geçen 2024-nji ýylda welaýatda jemi ekilen 130 müň gektar gowaça üçin jemi 66 müň 998 tonna azotly, 26 müň 799 tonna fosforly mineral dökünleri, şeýle-de 5 müň 850 tonna kaliý döküni goýberildi.
Mundan başga-da, geçen ýylda 130 müň gektar bugdaý üçin hem 67 müň 140 tonna azotly, 26 müň 975 tonna fosforly mineral dökünler kärendeçilerdir daýhan hojalyklaryna paýlanyldy.
Ýylyň başyndan bäri hem işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Has takygy, ýanwar aýynyň dowamynda müdirligimiziň üsti bilen azotly mineral dökünlerden karbamidiň 38 114 tonnasy, ammiak selitrasynyň hem 16 250 tonnasy welaýatyň oba hojalyk ekinlerini ýetişdirýän hojalyklaryna we önüm öndürijilere ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: