YLYM WE TEHNIKA

«Doktor web» duýdurýar: troýan oturdylan onlarça oýun ýüze çykaryldy

«AppGallery»-nyň katalogynda ulanyjylaryň mobil belgileri barada maglumat toplaýan «Android.Cynos.7» troýanly oýunlaryň onlarçasy ýüze çykaryldy. Bu barada «Doktor web» kompaniýasynyň analitikleriniň habar berýändigi barada «mail.ru» ýazýar.

Ekspertleriň aýtmaklaryna görä, azyndan 9 300 000 adam Android enjamlaryna howply oýunlary goýupdyrlar.

Troýana smartfonyň maglumatlary elýeter bolar ýaly, «Android.Cynos.7» goşundysy işe girizilende, telefonyň jaňlaryny dolandyrmaga razylyk soralýar. Razylyk berlenden soň troýan maglumatlary toplaýar we olary aralykdaky serwere iberýär.

Telefon belgilerini toplaýan «Android.Cynos.7» troýany «AppGallery» katalogynda ýerleşdirilen oýunlaryň 190-ynda tapyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: