YKDYSADYÝET

Dokmaçylar täze önümleri öndürmegi özleşdirýärler

Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan häzirki zaman dokma toplumlarynda «Jeýtun» we «Mäne» markaly dokma. Kakaly dokmaçylar tikin önümçiligine – nusgawy we sport eşikleriniň – erkek köýnekleriniň, «çinos» görnüşli jalbarlaryň, çaga jalbarlarynyň we köýnekleriniň önümçiligini ýola goýdular. Babadaýhandaky fabriginde bolsa ýorgan-düşek toplumlarynyň önümçiligi artdyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma toplumlarynda «Goza», «Wada», «Bedew», «Nusaý», «Gala», «Arwana», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Ak pamyk» haryt nyşanly önümler öndürilýär. Bu günki gün türkmen dokma önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanan ugurlaýyn senagatyň çalt ösmegi, iň oňat içerki we dünýä tejribesiniň ulanylmagy esasynda, daşary ýurtlarda-da bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar.

Dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklaryndan biridir. Häzirki wagtda bu pudakda 70-den gowrak kärhana işleýär. Olaryň düzüminde iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokma kärhanalary, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi gaýtadan işleýän zawodlar bar.

Türkmenistanyň dokma senagatynyň mundan beýläk-de ösmegini we giňemegini üpjün edýän daşary ýurt kompaniýalarydyr halkara maliýe guramalary bilen uly göwrümli hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam edýär. Daşary ýurtly işewürleriň gatnaşmagynda 15 sany häzirki zaman dokma toplumy işe girizilip, olarda halkara hil, dolandyryş we marketing ülňüleriniň iň döwrebap talaplaryna laýyk gelýän önüm öndürmek ýola goýuldy.

Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: