Dokma senagatynyň işgärleri bäsleşdiler

Lebap welaýatynyň Sakar şäher medeniýet öýünde dokma senagatynyň işgärleriniň arasynda «Türkmen halkynyň dokmaçylyk senedi — milli mirasymyzyň genji-hazynasy» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen çärä dokma senagaty pudaklarynda zähmet çekýän dokmaçy we tikinçi gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň bäş şertini hem gowy ýerine ýetiren Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň işgäri Bägül Italmazowa birinji, Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň işgäri Maýsa Çarykulyýewa ikinji orna mynasyp boldy. Türkmenabadyň tikin fabriginiň tikinçisi Laçyn Myradowa baýrakly orunlaryň üçünjisini eýeledi.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector