TÜRKMENISTAN HABARLARY

Dokma senagaty pudagynyň işgärleriniň bäsleşigi geçirildi

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde dokma senagaty pudagynyň işgärleriniň bäsleşigi geçirildi. Ony Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi gurady.
Ýakynlaşyp gelýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bäsleşige dokma senagaty pudagynyň kärhanalarynyň hersinden iki wekil gatnaşdy.
Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük fabriginiň işgärleri Aknur Şaweliýewa we Aýsoltan Bekmyradowa dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildi. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ikinji orny Türkmenabadyň tikin fabriginiň eşikleriň täze görnüşlerini döredijiler Nowruzgül Kazakowa we Uzukjemal Jümmiýea dagylar eýelediler. Üçünji orna Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň işgärleri Bägül Janmedowa we Aýjemal Illiýewa mynasyp boldular.
Guramaçylar birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän toparlaryň agzalaryna gymmat bahaly sowgatlary, gatnaşanlara bolsa ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni her ýylyň 8-nji martynda bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply