YKDYSADYÝET

Dokma senagaty kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty ýokary göteriler

Dokma senagaty ministrliginiň garamakyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we işgärler üçin oňaýly zähmet şertlerini döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda pudagyň kärhanalarynyň öndürijiligini artdyrmak we dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmek ugrunda täze teklipler hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli dokma önümlerini öndürýän kärhanalaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny berkitmek baradaky teklipleri makullady we wise-premýere bu ugurdaky özgertmeleri çaltlandyrmak barada görkezme berdi.