Nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa taýdan deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Munda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Munuň özi, bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär. Şeýle-de gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoparozyna, ýürek damar, oňurga, kelle-beýni keselleriniň süýji keseliniň we howply täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna çenli sebäp bolup bilýär. Şol sebäpden günüň dowamynda 30 minut işjeň türgenleşmekligi maslahat berilýär. Her gün bary ýogy 30 minut işjeň türgenleşik, ýagny beden maşklaryny ýerine ýetirmek adamyň saglyk ýagdaýynyň düýpli berkemegine ýardam edýär.
Sagdyn ýaşamagymyzyň ilkinji şertleriniň biri bolan dogry iýmitlenmegiň hem öz düzgünleri bar. Esasy düzgünleriň biride kabul edilýän iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Mallardan alynýan önümlere garanyňda, gök bakja we miweli önümlere has üns bermeli. Öz gezeginde olar hem dürli bolmaly. Mysal üçin, ýeralma bedeni C ýokumy bilen üpjün edýär, ýöne demir bilen bagly zerurlygy ýerine ýetirip bilmeýär. Onuň tersine däneli önümler demire baý, ýöne olaryň düzüminde C ýokumy ýokdur. Şeýle hem bolsa iýmitiň esasy bölegini çörek, aş önümler, tüwi we ýeralma tutmaly.
Ýurdumyzda sagdyn iýmitlenmek we onuň düzümiň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň lukmançylyk düzümine döwlet tarapyndan ägirt uly serişdeleriň gönükdirilýändiginiň, pudagyň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilýändiginiň, şeýle hem bu pudakda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goldaw berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýurdumyzda ýokanç wiruslaryň käbiriniň ýokdugyny ykrar etdi. Ynha, eýýäm ençeme ýyl bäri ýurdumyzda gyzamyk we garamyk keselleriniň hasaba alnan ýagdaýlary bolmady. Bularyň hemmesi-saglygy goraýyş ulgamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli geçirilýän işleriň netijesidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýurdumyzda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ulgamlaýyn çäreleri halkara standartlaryna laýyk derejede ýokary hilli geçirýändigini alamatlandyrýar.
Munuň üçin Merkezde biologiýa howpsuzlyk barlaghanasy hereket edýär. Ol biologiki howpsuzlygyň 3-nji derejesiniň mikroorganizmler tarapyndan döredilen keselleriň öňüni almak, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine hem-de talaplaryna laýyklykda, azyk önümleriniň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmek maksady bilen, et we süýt önümleriniň nusgalarynyň, howanyň, topragyň hem-de adam bedenindäki suwuklyklaryň barlaglaryny
geçirmäge niýetlenendir.
Nowça ZIÝADDINOWA,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäher hassahanasynyň Traktorçy oba saglyk
merkeziniň maşgala lukmany.
