YKDYSADYÝET

Dizel ýangyjynyň öndürilişi ýokarlandy

2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda welaýatda 24 müň tonna dizel ýangyjy öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,2 müň tonna köp bolup, ösüş depgini 2,1 göterime ýetdi.
Dizel ýangyjynyň öndürilişiniň artmagy ýurdumyzda ulag we oba hojalyk pudaklarynyň ösüşine giň mümkinçilik döredýär. Şeýle-de bu görkeziji energetika pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünlikli netijesini görkezýär.