JEMGYÝET

Diýego Maradonanyň öňki adwokaty futbolçynyň aradan çykmagynyň bolup biläýjek sebäbini aýtdy

Diýego Maradonanyň öňki adwokaty Matias Morla futbol ýyldyzynyň aradan çykmagynyň sebäpleriniň öwrenilmeginiň çäklerinde prokuroryň soraglaryna jogap berdi. Bu barada «Fox News»-iň habaryna salgylanmak bilen, «mail.ru» ýazýar.

Hususanda, Morla argentinalynyň ölüminiň bolup biläýjek sebäbini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Maradonany bejerenlerinde, köp ýalňyşlyklara ýol berlipdir. «Ol barada örän ýaramaz alada edildi. Şolam onuň ölümine getirdi» diýip, adwokat özüniň pikirini beýan etdi.

Morla lukmanlaryň Maradonany hassahananyň çäginden daşda bolmagyny mümkin däl diýip hasap edendiklerini, ýöne muňa garamazdan, garyndaşlarynyň weterany kärendesine alnan jaýa ýerleşdirmek barada karara gelendiklerini belledi. «Bu akyla sygjak zat däl» diýip, Morla öňki aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy. Ýürek ýetmezçiliginden dörän öýken çişmesi onuň ölümine sebäp boldy. 2021-nji ýylyň maýynda ýedi lukmana Argentinanyň ýygyndysynyň öňki futbolçysynyň tötänden (bilgeşleýin däl) öldürilendigi barada günä bildirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: