Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynysy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz özüniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşleri, ýeten sepgitleri bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ynamly orun eýeleýär. Dünýäniň ýokary tizlikli ykdysady ösüşine goşulyşmak ylymyň we tehnikanyň häzirkizaman gazananlaryna, täze tehnologik oýlap tapyşlara esaslanýar. Ýurdumyzda şeýle ösüşleri gazanmak, beýik sepgitlere ýetmek üçin dürli ulgamlar boýunça köpsanly öňdengörüjilikli toplumlaýyn maksatnamalar, karardyr permanlar kabul edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Türkmenistan döwletimiziň geljekki ösüşlerini üpjün etmäge, bu ugurdaky işlerde toplumlaýynlyk we yzygiderlilik ýörelgelerine esaslanmaga gönükdirilýär. Kabul edilen uzakmöhletleýin Maksatnama laýyklykda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak arkaly düýpli durmuş-ykdysady ösüşi gazanmaklyk, ähli pudaklarda uly öňegidişlikleri amala aşyrmaklyk maksat edinilýär.
Durnukly ösüş meseleleri häzirki zamanda çalt depgin bilen ösýän dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Türkmenistan üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzy uzak we gysga möhletleýin ösdürmek boýunça kabul edilýän we durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalar, strategiýalar, meýilnamalar öz mazmunyna milli ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde Durnukly ösüş meselelerini yzygiderli amala aşyrmak boýunça bellenilen wezipeleri alýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlary ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan milli maksatlara, ileri tutulýan ösüş sepgitlerine, döwlet syýasatyna ýakyndan uýgunlaşdyrylýar.
Häzirki döwürde bütin dünýäde ykdysadyýetiň globallaşmagy, bazar gatnaşyklarynyň kämilleşmegi we yöriteleşmegi ýaly ýagdaýlar barha güýç alýar. Bu ýagdaý döwletleriň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň depgininiň çaltlanmagyna hem-de işjeňleşmegine öz täsirini ýetirýär. Ösüp gelýän döwletlerde dünýäniň umumy ösüşine goşulmak, onuň bilen aýakdaş gitmek maksady bilen, dürli pudaklarda täze sepgitlere yetmegiň, üstünlik gazanmagyň ýollary, usullary we tärleri gözlenilýär.
Dünýä ykdysadyýetinde globallaşmak hadysalarynyň dowam edýän häzirki şertlerinde daşary ykdysady işiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň ähmiýeti has-da artýar. Bu kadalaşdyryşyň derejesi bolsa, döwletde amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasat tarapyndan kesgitlenilýär. Daşary ykdysady syýasat diýip beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyna we ösdürilmegine düşünilýär. Döwletiň daşary ykdysady syýasaty milli ykdysadyýetiň strategik maksatlaryny oňyn çözmäge gönükdirilen döwlet düzgünleşdiriş işi bilen ýakyndan baglydyr.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hökümet mejlisiniň barşynda nygtaýşy ýaly, ykdysadyýet ulgamynda maliýe serişdeleriniň durnukly dolanşygyny üpjün etmeklik, milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdiriş çeşmelerini yzygiderli esasda öwrenmek we gözegçilikde saklamak, banklar tarapyndan ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli höweslendirmek hem işjeňleşdirmek ýaly ugurlar möhüm wezipeleriň hatarynda bolmagynda galýar.
Ykdysady we maliýe durnuklylygy üpjün etmek bilen deň hatarda, häzirki döwürde ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda: ilatyň zähmet üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak, döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak, pudaklara döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, milli bilim ulgamyny ösdürmek maksatlaryna gönükdirilýän maýalaryň paýyny ýokarlandyrmak, döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişini has-da işjeňleşdirmek ýaly meseleler öňe sürüldi. Bu ýagdaý köp babatda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça alyp barýan işleri bilen bagly bolup durýar. “Elektron salgyt” ulgamynyň dolulygyna işe girizilmegi milli býujet-salgyt ulgamynyň öňdebaryjy sanly binýatlary ornaşdyrmak arkaly düýpli kämilleşdirilmegine itergi berer.
Ykdysady işiň täze görnüşlerini we ugurlaryny barha ynamly özleşdirýän türkmen hususyýetçileri hem öz nobatynda milli ykdysadyýetiň we hyzmatlar ulgamynyň tiz depginde, hemmetaraplaýyn sanly esasda döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berýär. Hususy eýeçilikdäki IT-kompaniýalar tarapyndan işewürçilik işini ilerletmek, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dürli maslahatlary guramak we geçirmek, sanly iş dolandyryş we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, “akylly öý” hem-de “akylly şäher” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary hilli hyzmatlar hödürlenýär. Kompaniýalaryň uly topary elektron täjirçilik, şonuň ýaly-da söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini döwrebap derejede ýola goýmaga niýetlenen sanly serwisleri işe girizmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Olaryň arasynda jemgyýetçilik iýmiti, lomaý we bölek söwda ugurlarynda işleýän hususyýetçiler bar. Olar dürli elektron meýdançalarda netijeli hereket edýän internet-sahypalaryny açyp, sarp edijilerden gelip gowuşýan onlaýn-buýurmalary kabul edýärler hem-de harytlary buýruja eltip bermek gulluklarynyň işini ýola goýýarlar.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşleri önümleriň eksportynyň yzygiderli artdyrylýanlygyny we netijeli diwersifikasiýa edilýändigini görkezýär, şunda söwda hyzmatdaşlarynyň sany we eksport edilýän harytlaryň sanawy giňeldilýär.
Şeýlelikde, göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak arkaly durnukly ösüşi gazanmaga, şonuň esasynda-da ösen bazar düzümini kemala getirmäge, ählumumy ykdysady ulgama has doly we çeýe goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, milli haryt öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi berer.
Garaşsyz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ykdysady durnuklylygy gazanmak, raýatlaryň eşretli durmuşyny, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren parahatlyk ýoly bilen durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky ideýalaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bu meseläniň möhüm ugry bolmagynda galýar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Kadyrow Magtymguly