Ýüzümize görk berýän akja dişlerimiz sagdyn durmuş ýörelgelerimiziň bir sebäpkäri bolup, olara her gün ideg etmek ählimiziň esasy borjumyzdyr. Haçan-da dişlere dogry-düzgün ideg edilende, hem-ä olar sagdyn, owadan bolar, hem-de birnäçe ýokanç kesellerden goranyp bileris.
Dişlere dogry ideg nähili edilmeli?! Elbetde, bu öz elimizdäki zat bolup, onuň ideginiň üznüksiz bolmagyny gazanmak gerek. Dişleri öz wagtynda ýuwmaly. Ilki bilen, agşam ýatmazdan ozal, hökman ýuwup ýatmaly. Diş ýuwlandan soň hiç zat iýmeli däl. Sebäbi gije dişde galan iýmit bölekleri çüýräp biler. Irden bolsa, ilki oýanan wagtyň agzyňy dury suw bilen çaýkap, ertirlikden soňra ýuwulsa has peýdaly bolar. Sebäbi dişlerimiziň arasyndaky iýmit galyndylaryny aýyrýarys. Dişler ýuwlanda, çotkany aşaky dişlerde aşakdan ýokary, ýokarky dişlerde ýokardan aşak hereketlendirmeli. Azy dişleri gapdallary, üstleri bilen ýuwmaly. Ýörite serişde bilen dişasty etleri hem ýuwmagy ýatdan çykarmaly däl. Bulardan başga-da, uzakly günüň dowamynda gurak suw bilen agyz boşlugyny arassalap durmaly. Garaz, her nahardan soň, agyz boşlugyny arassalap durmaly. Şeýdilen-de, dişlerimizde mikrop galyp, çalt köwülmegine, agyz boşlugynda ýakymsyz yslaryň döremegine getirip bilýän birnäçe zyýanlyklardan arassaladygymyz bolar.
Şeýle-de dişlerimizi arassalaýan çotkalarymyza hem üns bermelidiris. Olaryň 2 aýdan kän ulanmak maslahat berilmeýär. Şeýle-de hepdede bir gün ony duzly gaýnag suw bilen arassalamaly. Şeýtmek bilen çotkany içinde galyp biläýjek mikroplardan dynyp bileris.
Dişlere ideg etmegiň ýene bir şerti bolsa diş etlerimiz sagdyn bolmalydyr. Çünki dişleriň sagdynlygy onuň etiniň sagdynlygy bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. Dişiň eti onuň köküniň dolagy bolup durýar, onuň nemli bardasy bolsa goraýjy faktorlary işläp çykarmak bilen, hemişe agyz boşlugyny kesel dörediji mikroblardan gorap durýar. Diş etiniň uzaga çekýän keselleri syrkawda agyry döredip, agzyndan ýakymsyz ysyň gelmegine we netijede dişiniň dökülmegine eltýär. Bu keseliň döremeginiň öňüni almak üçin bolsa dişlere yzygiderli ideg etmek zerurdyr we wagtal-wagtal dişde emele gelen daşlary aýyrtmaly hem-de çalt-çaltdan lukmanyň gözegçiliginden geçmeli.
Dişleriň idegsiz galmagy, olaryň çüýremegine we düşmegine sebäp bolýar. Haçan-da, olara dogry-düzgün ideg etsek, dişlerimiz sagdyn hem owadan bolar. Şeýle-de içki agzalarymyzyň hem sagdyn bolmagyna uly ýardam ederis.
Güllala ILMURADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň stamatolog lukmany.

