DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dişi bilen 700 tonnalyk gämini çekdi

Müsürli türgen Aşraf Mahrus dişleri bilen 700 tonnalyk gämini ýerinde gozgady.
Bu barada «Associated Press» agentligi habar berdi.
Mahrus ilki gämini dişleri bilen süýredi, soňra öz üstünligini tassyklamak üçin agramy 1150 tonna bolan iki sany gämini dişleri bilen dartdy. Müsürli türgen öz ukybyny Gyzyl deňziň ýakasyndaky Hurgadada görkezdi.
Atletçi indi bu wakanyň wideosyny we fotosuratlaryny Ginnesiň rekordlar kitabyna baha bermek üçin ibermekçi.