Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde şeýle habar berilýär:
«Dostluk taryhy boýunça ýaşlar maslahaty» ady bilen geçirilen bu duşuşyga Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalarynyň we Türkmenistanyň Ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem-de ady agzalan döwletleriň Hytaýdaky ilçileri gatnaşdylar. Çäräniň esasy maksady sebitiň ýaşlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, medeni alyş-çalyş we telekeçilik innowasiýalarynda ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Onlaýn duşuşygynyň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň ýeten häzirki belent derejesi hem-de ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, hususyýetçilik ulgamynda ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmakda mundan beýläk-de alnyp barylmaly işler hakynda täsirli gürrüň edildi we tejribe alşyldy.

