BIZE YAZYARLAR

Dilin tapyp tebigatyň

Biziň ýurdumyzda Gün şöhlesiniň bollugy, howanyň guraklygy, ygalyň azlygy ösümliklerde dürli biologik maddalaryň toplanmagy üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle bolansoň ata-babalarymyz uzak geçmişiň dowamynda şol ösümlikleriň gülüni, miwesini, ýapragyny, baldagyny, gabygyny, köküni we şiresini dürli sökellikleri bejermekde ulanyp gelipdirler.

Türkmenistanyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky maglumatlar irki golýazma çeşmeleri hasaplanýan Pliniýniň, Oneskritiň, Ptolemeýiň, Strabonyň ýazgylarynda duş gelýär. Bu awtorlar öz işlerinde türkmen topragynda köp ösümlikleriň ösýändigini aýdyp, ilatyň olary diňe bir iýmit hökmünde däl, eýsem, deri eýlemekde, ýüň, ýüpek, nah sapaklaryň boýamakda, derman serişdelerini ýasamakda giňden peýdalanandyklaryny belläpdirler.

Parasatly pederlerimiz golýazma kitaplara zyýan ýetirýän mörjewlere, heň kömeleklerine we gemrijilere garşy awuly, antiseptik häsiýetli ösümlikleri ulanypdyrlar. Olar bu otlary golýazma kitaplaryň sahypalarynyň arasynda goýup, zyýan berijileriň gymmatly golýazmalary zaýalamagynyň öňüni almagy başarypdyrlar. Şeýle-de syýalaryň hilini gowulandyrmakda, olara ýakymly ys bermekde ösümlikler giňden ulanylypdyr.

Ata-babalarymyz çyryş otunyň owradylan kökünden ýelim taýýarlapdyrlar. Kagyz almak üçin gowaçanyň, kendiriň, kenebiň we zygyryň süýümlerini ulanypdyrlar. Kagyz önümçiliginde zerur bolan kömürturşy kaliýni we sodany sazak, ojar, çerkez, garagan, ketgen, çogan we şortak ýaly ösümliklerden alypdyrlar. Kagyzy reňklemek üçin ösümlik boýaglaryny ulanypdyrlar.

Tut agajynyň gabygyndan sary boýag, guşgonmaz gülünden gyrmyzy boýag we zagpyran gülünden gök boýag alnypdyr. Kagyz reňk alansoň, oňa bugdaý krahmalynyň petini çalyp, daş bilen sürtüp ýalpyldadypdyrlar.

Ajap Hojamowa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: