BIZE YAZYARLAR

Dilewarlyk

Dilewarlyk ukyby bolmadyk adam hiç wagt tanymal bolup bilmez. Adamda näçe ukybyň, başarnygyň barlygyna seretmezden köpçülikde çykyş edende gepe çeper bolmasa bu kemçiligi adamyň ähli üstünligini basyp biler. Sebäbi adam öz aýratynlyklaryny we pikirlerini sözleýiş ukybyny görkezmek bilen ýüze çykarýar, köpçülige ýetirýär.
Adama psihologiki täsir etmegiň birnäçe usuly bar, oňa sowgat bermek, onuň bilen wagt geçirmek we beýleki usullar degişlidir. Ýöne olaryň hiç biri dilewarlyk ýaly güýçli täsir edip bilmeýär. Dilewarlyk sungaty – bu isleýän zadyňy düşündirmek başarnygydyr, öz içki dünýäňi, içki güýjüňizi daşyna çykaryp öz diňleýjileriňe diňledip bilmek başarnygydyr, olarda höwes döredip
bilmek başarnygydyr.
Ýolbaşçylyk – gürlemegi başarýan, dilewarlara berilýär. Ýokary wezipä gelýän adamlar öz wezipesine güýçli ýa-da dymma bolanlygy üçin däl-de öz sözleri bilen köpçüligi diňledip bilýänligi üçin gelýär. Islendik ynamly, göwnejaý gürläp bilýän adam köpçülige özüni diňledip bilýändir.
Ýolbaşçylyk – bu adamlara kesgitlenen ugur boýunça gyşarnyksyz hereket etmegi ynandyrmak we görelde bolmak bilen täsir etmek sungatydyr. Adamlary bolsa diňe dilewarlyk bilen ynandyryp bolýar. Öz sözleýşiniň üstünde işlemeýän adam dilewarlyk adam berilýän zehindir öýdüp ýalňyş pikir edýär. Aslynda köpräk çeper edebiýatlary okamak bilen adam özüniň sözleýişini, dilewarlygyny kämilleşdirip biler. Dilewarlyk ösüşiň ilkinji basgançaklarydyr.

POLATOWA  Jeren,
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat
agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: